RUSSIAN FILM FESTIVAL
Turkmenistan
WATCH AT
08.08-28.08
Rus filmleriniň festiwaly Türkmenistanda ilkinji gezek IVI VOD (video-on-demand service — talap boýunça wideo hyzmaty) platformasynda onlaýn görnüşde geçiriler. Üç hepde diýen ýaly wagtyň dowamynda, 8-nji awgustdan 28-nji awgust aralygynda bäş sany rus filmi, şol sanda iki çeper film we bir multserial, ähli Türkmenistanly tomaşaçylar üçin mugt elýeterli bolar.

Russiýanyň Medeniýet ministrliginiň goldawy bilen ROSKINO tarapyndan 2020-nji ýylda başladylan Rus filmleriniň festiwaly dünýä ýurtlary boýunça syýahatyny dowam etdirýär. Türkmenistanda ilkinji gezek geçirilýän Rus filmleriniň festiwaly tomaşaçylaryna rus kinosynyň gahrymanlary bilen täze duşuşyklary, gyzykly hekaýalary we täsirli duýgy başdan geçirmelerini wada berýär.